Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýakubyň maşgalasynyň kyssasy şeýledir. On ýedi ýaşly Ýusup, öweý ejeleri Bilhadan we Zilpadan bolan doganlary bilen bile süri bakýardy. Ýusup doganlarynyň eden işlerini kakasyna şugullaýardy. Dawut Şawulyň ýanyna gelip, oňa hyzmata durdy. Şawul Dawudy juda gowy gördi we ony özüniň ýaragçy nökeri etdi. Onsoň Rehabgam patyşa kakasy Süleýmanyň diri mahalynda onuň hyzmatynda duran ýaşulular bilen geňeşip, olardan: «Bu halka nähili jogap bermegi maňa maslahat berýärsiňiz?» diýip sorady. Emma Rehabgam ýaşulularyň beren maslahatyny äsgermän, özi bilen bile ösüp ulalan, huzurynda hyzmat edýän ýaş ýigitler bilen geňeşdi. Patyşa olaryň ählisi bilen tanyşdy. Olaryň hemmesiniň içinde Danyýel, Hananýa, Mişaýyl we Azarýa dagy bilen deňeşdirer ýalysy tapylmady. Şonuň üçin patyşanyň hyzmatyna olar bellendiler.
Выбор основного перевода