Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Iki ýyldan soň faraon bir düýş gördi. Ol Nil derýasynyň kenarynda durmuşyn. Birdenkä ýedi sany bakylan, semiz sygyr derýadan çykyp, gamyşlygyň içinde otlamaga başlaýarmyş. Olardan soň bolsa derýadan ýedi sany süňkleri çykyşyp duran hor sygyr çykyp, kenarda öňküleriň ýanynda durýarmyş. Süňkleri çykyşyp duran şol hor sygyrlar beýleki ýedi semiz sygry iýýärmiş. Şol wagt hem faraon ukudan oýandy. Ol ýene uka gitdi we bu gezek başga bir düýş gördi. Bir baldakdan ýedi sany dok we oňat däne sümmüli ösüp çykýarmyş. Olardan soň bolsa gündogar ýeline guran ýedi sany puç däne sümmüli ösüp çykýarmyş. Soňra şol ýedi sany guran puç sümmül beýleki dok hem dykyz ýedi sümmüli iýýärmiş. Şol wagt hem faraon ýene-de ukudan oýandy we munuň düýşüdigine düşündi. Ir bilen faraonyň ruhy ünjülidi. Ol Müsüriň ähli jadygöýleridir akyldarlaryny çagyryp, olara öz düýşüni gürrüň berdi, emma olaryň hijisi düýşleri ýorup bilmediler.
Выбор основного перевода