Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýusup oňa şeýle diýdi: «Düýşüň ýorgudy, ine, şeýle: üç şaha üç gündür. Üç günden faraon seni zyndandan çykaryp, saňa ýene öňki wezipäňi berer. Sen faraona ýene-de edil öňki sakylyk eden wagtyňdaky ýaly onuň käsesini eline berersiň. Ýöne günüň gowulaşanda, meni hem ýatla; maňa ýagşylyk edäý. Faraonyň meni-de zyndandan çykarary ýaly, men hakda oňa gürrüň ber. Çünki men ýewreýleriň ýurdundan ogurlanyp getirildim, hatda şu ýerde-de, Müsürde zyndana taşlanar ýaly, men hiç hili günä etmedim». Baş nan bişiriji Ýusubyň düýş ýormaga ökdedigini görüp: «Men hem düýş gördüm. Depämde üç sebet çörek barmyş. Sebetleriň iň üstküsinde faraon üçin undan bişirilen dürli nygmatlar barmyş, olary guşlar iýýärmiş» diýip, Ýusuba düýşüni gürrüň berdi. Ýusup oňa: «Düýşüň ýorgudy, ine, şeýle: üç sebet üç gündür. Ýene üç günden faraon seni zyndandan çykaryp, dardan asar; guşlar seniň etiňi iýerler».
Выбор основного перевода