Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaý Ybraýyma: «Ähli milletler sen arkaly ýalkanar» diýip, oňa ilkibaşda buşlapdy. Mukaddes Ýazgylaryň şu sözleri Hudaýyň milletleri imanlaryna görä aklajakdygyny owaldan habar beripdi. Hudaý Ybraýym bilen äht baglaşdy. Ol bu ähti berjaý etjekdigi barada Ybraýyma we onuň nesline wada berdi. Mukaddes Ýazgylarda «seniň nesilleriňe» diýip köpçülik barada däl-de, «seniň hut öz nesliňe» diýip, ýeke-täk Biri barada wada berlendir. Bu hem Isa Mesihdir. Siz şol pygamberleriň nesillerisiňiz we Hudaýyň ata-babalaryňyz bilen baglaşan ähtiniň mirasçylarysyňyz. Hudaý Ybraýyma: „Ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesliň arkaly pata alarlar!“ diýdi. Seni ýalkany ýalkaryn, seni näletläni-de näletlärin; Ýer ýüzündäki ähli milletler sen arkaly pata alarlar». Dogruçyllyk hem adalatlylyk bilen Rebbiň ýolundan ýöremekligi ogullaryna we nesillerine tabşyrsyn diýip, Men Ybraýymy saýladym. Eger olar Meniň aýdanlarymy berjaý etseler, onda Men Ybraýyma beren wadalarymyň hemmesini ýerine ýetirerin». Ybraýym daň bilen turup, eşegini gaňňalady. Öz hyzmatkärlerinden ikisini hem-de Yshagy ýanyna aldy; ýakma gurbanlygy üçin odun döwüşdirdi we Hudaýyň özüne aýdan ýerine gitdi. Ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriňden pata alarlar. Ybraýymyň Maňa gulak asandygy, Meniň özüne beren buýruklarymy, tabşyryklarymy, düzgünlerimi we kanunlarymy ýerine ýetirendigi üçin, Men seniň nesilleriňi asman ýyldyzlary deý köpelderin. Bu ýurdy tutuşlygyna Men seniň nesilleriňe bererin».
Выбор основного перевода