Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Seniň nesliňi edil ýeriň çägeleri kimin san-sajaksyz ederin. Eger ýeriň çägeleri sanalyp bilinýän bolsa, onda seniň nesliň-de sanalyp bilner. Soňra Reb Ybramy daşary çykaryp: «Asmana seret. Sen şol görünýän ýyldyzlary sanap bilseň sanaý. Seniň şonça-da nesliň bolar» diýdi. Sen maňa: „Men saňa ýagşylyk ederin, seniň nesliňi deňiz ýakasyndaky san-sajaksyz çägeler deý köpelderin“ diýipdiň». Olar Rebeka pata berip, şeýle diýdiler: «Eý, uýamyz! Goý, senden müňläp-müňläp perzentler dünýä insin; Nesliň öz duşmanlarynyň galalaryny basyp alsyn!» Ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriňden pata alarlar. Ybraýymyň Maňa gulak asandygy, Meniň özüne beren buýruklarymy, tabşyryklarymy, düzgünlerimi we kanunlarymy ýerine ýetirendigi üçin, Men seniň nesilleriňi asman ýyldyzlary deý köpelderin. Bu ýurdy tutuşlygyna Men seniň nesilleriňe bererin». Gulum Dawudyň neslini we Maňa hyzmat edýän lewileri san-sajaksyz asman jisimleri kimin, ölçäp bolmaýan deňziň çägesi kimin köpelderin“». Ol: «Men, hakykatdanam, seni ýalkap, seniň nesliňi san-sajaksyz köpelderin» diýip ant içdi.
Выбор основного перевода