6
Ol ýakma gurbanlygy üçin niýetlenen odunlary ogly Yshagyň omzuna goýdy, ot bilen pyçagy bolsa Ybraýymyň özi göterdi. Şeýdip, ikisi tirkeşip gitdiler. Olar gidip barýarkalar, Yshak birden: «Kaka!» diýip, Ybraýyma ýüzlendi. Ybraýym: «Näme, oglum?» diýdi. Yshak: «Ot-da, odun-da bar, ýöne ýakma gurbanlygy üçin janly nirede?» diýdi.