Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Samyň nesilleri: Eýlam, Aşur, Arpakşat, Lut, Aram, Us, Hul, Geter, Meşek. Arpakşatdan Şela, Şeladan Eber doguldy. Eberden iki ogul dünýä indi, olaryň biriniň ady Pelekdi, onuň döwründe dünýädäki halklar bölünipdi; onuň doganynyň ady Ýoktandy. Ýoktandan Almodat, Şelep, Hasarmawet, Ýera, Hadoram, Uzal, Dikla, Eýbal, Abymaýyl, Şeba, Opyr, Hawyla we Ýobap doguldy. Bularyň hemmesi Ýoktanyň nesilleridir. Sam, Arpakşat, Şela; Eber, Pelek, Reguw; Omrapel Şingaryň, Arýok Elasaryň, Kedorlagomer Eýlamyň, Tidal bolsa Goýimiň patyşasydy. Onsoň Sodom, Gomora, Adma, Seboýym we Bala, ýagny Sogar şalary söweş meýdanyna çykdylar we bäş şa bolup, Siddim deresinde dört şanyň: Eýlam şasy Kedorlagomeriň, Goýim şasy Tidalyň, Şingar şasy Omrapeliň, Elasar şasy Arýogyň garşysyna söweşe girdiler. Ysraýyl patyşasy Pekanyň döwründe Aşur patyşasy Tiglatpileser gelip, Yýony, Abelbeýtmagakany, Ýanowany, Kedeşi, Hasory, Gilgady, Jeliläni we tutuş Naftaly ýurduny basyp alyp, olaryň halklaryny Aşura ýesir edip äkitdi. Samyň nesilleri şulardyr. Silden iki ýyl soňra, Sam ýüz ýaşyndaka, ondan Arpakşat doguldy. Men olaryň arasynda bir alamat görkezerin. Olaryň arasyndan gaçyp gutulanlary milletleriň arasyna, Tarşyşa, Pula, ýaýçy Luda, Tubala, Ýawana, Men barada eşitmedik, şöhratymy görmedik uzakdaky adalara ýollaryn. Olar Meniň şöhratymy milletleriň arasynda yglan ederler.
Выбор основного перевода