Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýafesiň nesilleri: Gomer, Magok, Madaý, Ýawan, Tubal, Meşek we Tiras. Gomeriň nesilleri: Aşkenaz, Ripat we Togarma. Ýawanyň nesilleri: Elişa, Tarşyş, Kitim we Dodanym. Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Eý, ynsan ogly! Magok ýurdundaky Meşegiň we Tubalyň hökümdary Goga tarap ýüzüňi öwür-de, oňa garşy pygamberlik et. Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, Meşegiň we Tubalyň hökümdary Gog! Men saňa garşydyryn. Men seni arkan agdaryp, äňleriňe çeňňek salaryn. Seni we bütin goşunyňy, atlaryňy, atlylaryňy, bezemen geýnüwli, uly hem kiçi galkanly, elleri syrylan gylyçly uly jemagatyňyň ählisini çykararyn. Olar bilen birlikde ählisi galkanly, demir tuwulgaly bolan pars, Efiopiýa we Put halklaryny, Gomeri we onuň tutuş goşunlaryny, demirgazygyň aňry ujundan Togarma halkyny we ähli goşunlaryny seniň bilen birlikde köp halklary çykararyn.
Выбор основного перевода