Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Ysraýyllara şeýle buýruk ber: „Siz Kengan ýurduna gireniňizde, size mülk hökmünde berilýän bu topragyň serhetleri çäklendirilendir. Siziň günorta serhediňiz Sin çölünden Edom serhediniň boýuna uzalyp gider. Ol gündogarda Öli deňziň günorta kenaryndan başlanýandyr. Soňra serhet Içýan geçidiniň günortasyndan öwrülip, Sin çölüne geçer. Ondan Kadeşbarneýanyň günortasyna çenli, Hasaradara tarap uzalyp, Asmona tarap geçer. Serhet Asmondan öwrülip, Müsür derýasyna tarap uzalyp gider we onuň çeti Ortaýer deňzine baryp ýeter. Ortaýer deňzi we onuň kenary siziň günbatar serhediňiz bolup hyzmat eder. Bu siziň günbatar araçägiňiz bolar. Siziň demirgazyk araçägiňiz şeýle bolar: Ortaýer deňzinden Hor dagyna çenli aralykda öz serhediňizi bellärsiňiz. Hor dagyndan Lebohamada çenli öz serhediňizi bellärsiňiz we serhet ondan soň Sedat galasynyň içinden geçer. Araçäk Sedatdan gündogara Ziprona tarap uzalyp, onuň bir ujy Hasareýnana ýeter. Bu siziň demirgazyk serhediňiz bolar. Gündogar serhediňiz demirgazykda Hasareýnandan başlanyp, günorta Şepama tarap uzalyp gider. Serhet Şepamdan Aýynyň gündogar gapdalyndaky Ribla tarap öwrülip, Kinneret deňziniň gündogar ýapgydyna çenli baryp ýeter. Soňra serhet Iordanyň boýy bilen aşaklygyna gidip, onuň çeti Öli deňze baryp ýeter. Daş-töwereginde şeýle serhetleri bolan bu ýurt siziň ýurduňyz bolar“».
Выбор основного перевода