Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9
Параллельные места
Ol kuwwaty arkaly höküm sürýär ebedi, milletlere garaýar Onuň gözleri; goý, pitneçiler baş galdyrmasyn. Sela Rebbiň gözi hemme ýerdedir, ýamana-ýagşa bakýandyr. Men hatda şol günlerde-de seni bütinleý ýok etmerin. Muny Reb aýdýandyr». Bu zatlar üçin Men olary jezalandyrmarynmy? Munuň ýaly milletden, heý-de, öç almarynmy? Muny Reb aýdýandyr. Men seniň bilendirin, Men seni halas ederin. Seni aralaryna dargadan milletlerimiň baryny ýok etsem-de, seniň soňuňa çykmaryn. Saňa adalatly temmi bererin, emma jezasyz-da galdyrmaryn». Muny Reb aýdýandyr. Men olary ýagşylyk üçin däl-de, ýamanlyk üçin aňtaýaryn. Müsür ýurdundaky ýahudalylaryň hemmesi doly gyrlyp ýok bolýança, gylyçdan we açlykdan heläk bolarlar. Şonda Rebbi çagyran her bir ynsan halas ediler, çünki Rebbiň aýdyşy ýaly, gaçyp gutulanlar Sion dagynda we Iýerusalimde bolar, aman galanlaryň arasynda Rebbiň çagyranlary-da bolar». Duşmanlarynyň öňüne düşüp, ýesirlige gitseler-de, ol ýerde gylyja buýruk bererin; ol-da olary öldürer. Men olardan nazarymy aýyrmaryn, emma ýagşylyk üçin däl-de, ýamanlyk üçin şeýderin». «Bela bize gelmez ýa-da duşmaz» diýýän, halkymyň ähli günälileri gylyçdan ölerler.
Выбор основного перевода