Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9
Параллельные места
Ýüwrük adam gaçyp bilmez, güýçli güýç görkezip bilmez, batyr-da janyny halas edip bilmez. «Etmişi üçin Ysraýyly jezalandyran günüm, Beýteliň gurbanlyk sypalaryny-da ýok ederin. Gurbanlyk sypalaryň şahlary kesilip ýere gaçar. Duşmanlarynyň öňüne düşüp, ýesirlige gitseler-de, ol ýerde gylyja buýruk bererin; ol-da olary öldürer. Men olardan nazarymy aýyrmaryn, emma ýagşylyk üçin däl-de, ýamanlyk üçin şeýderin». Sen Öz halkyňyň gutulyşy üçin, seçip-saýlanyňy halas etmek üçin geldiň, pis nesilbaşyny ezdiň, ony depesinden dabanyna çenli soýduň. Sela Ninewe mal-garalaryň ýatagyna, dürli wagşy haýwanlaryň sürenine öwrüler. Baýguşlar harabaçylykda mesgen tutarlar, penjirelerden uwlaşarlar, bosagalaryň öňi weýran bolar, kedr pürsleri duw-dagyn ediler.
Выбор основного перевода