Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9
Параллельные места
Töwerege ser sal, galdyr başyňy, ählisi üýşüşip, saňa gelýärler. Ogullaryň uzakdan gelerler, gujakda göteriler gyzjagazlaryň. Olar gadymy harabalary täzeden gurarlar, öňki weýran bolan ýerleri dikelderler, nesilden-nesle weýran bolan şäherleri, harabalyklary abatlarlar. Mundan beýläk «Terk edilen» diýilmez saňa, mundan beýläk «Harabalyk» diýilmez ýurduňa, emma saňa «Söýdügim», ýurduňa «Ärli» diýler; Reb seni söýýär, ýurduň ärli bolar. Hasylyny ýyganlar iýip, Rebbe alkyş aýdarlar, ony toplanlar, mukaddes howlularymda içerler». Reb şeýle diýýär: «Ýakubyň çadyrlarynyň abadançylygyny dikelderin, onuň ýaşaýan mesgenlerine rehim ederin. Şäher öz depelerinde bina ediler, berk gala öz ýerinde oturdylar. Samariýa daglarynda ýene-de üzüm agaçlaryny ekersiň. Bag ekenler miwesinden-de iýerler. Ol ýerde howpsuz ýaşap, öýler gurarlar, üzüm baglaryny oturdarlar. Daş-töwerekdäki olary ýigrenýänlere hökümler çykaranymdan soň, olar howpsuz ýaşarlar. Şonda olar Meniň özleriniň Hudaýy Rebdigimi bilerler». Şonda olar şeýle diýerler: „Beý-bä! Ozal çolaryp galan ýurt Erem bagy ýaly bolupdyr-ow! Haraba bolup, weýran edilen gala dikeldilip, ilatly ýere öwrülipdir!“ diýerler.
Выбор основного перевода