Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2
Параллельные места
Çünki ammonlylar we mowaplylar Segir dagynyň ilatyna hüjüm edip, olary bütinleý ýok edipdiler. Segir dagynyň ilatynyň soňuna çykandan soň, ammonlylar we mowaplylar biri-birlerini gyrmaga başladylar. Ähli daglarymda gylyjy Goguň üstüne çozmaga çagyraryn Hökmürowan Reb diýýär her adamyň gylyjy öz doganyna garşy bolar. Şol patyşalaryň döwründe Gögüň Hudaýy hiç wagt dargadylmajak, başga halkyň eline geçmejek bir patyşalyk gurar. Bu patyşalyk beýleki patyşalyklaryň ählisini ýok edip, olaryň soňuna çykar, özi bolsa ebedilik galar. Reb diýýär: «Şol gün atlaryňyzy gyraryn, söweş arabalaryňyzyň ýoguna ýanaryn. Ol maňa şeýle diýdi: «Bu Rebbiň Zerubabyla: „Güýç we zorluk bilen däl-de, diňe Meniň Ruhum bilen iş bitirersiň“ diýen sözi. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Şol gün olary Reb uly aljyraňňylyga salar, her kim öz gapdalyndakynyň elinden tutar, biri-birine ýumruk salarlar. Millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar. Aýry-aýry ýerlerde ýer titremeler, açlyklar ýüze çykar. Galanlary bolsa ata atlanyp Oturanyň agzyndan çykan gylyç bilen öldürildiler. Guşlaryň hemmesi bularyň läşinden doýdy.
Выбор основного перевода