Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2
Параллельные места
Eger ýurtda açlyk ýa gyrgyn keseli bolsa, epgek, ygaldan çüýremeklik, çekirtge ýa-da gurçuk peýda bolsa, eger duşmanlary öz islendik galalarynda olara sütem etseler, nähili bela, nähili kesel bolsa-da, Özüne jeza Berene tarap öwrülmedi halk, Hökmürowan Rebbe tabyn bolmady. Ähli şäherleriňizde açlykdan dişiňiziň kirini sordurdym, tutuş ýurduňyzy nana zar etdim, emma şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr. Men sizi epgekdir heň bilen büräp örtdüm, baglaryňyzy we üzümlikleriňizi weýran etdim, injirdir zeýtun agaçlaryňyzy çekirtgeler ýuwutdy, emma şonda-da siz Maňa tarap dolanmadyňyz. Muny Reb aýdýandyr. Siz köp hasyla garaşýardyňyz, ýöne ol hasyl az bolup çykdy. Ony öýe getireniňizde, Men ony ýele sowurdym. Näme üçin? Meniň öýümiň haraba öwrülip ýatany üçin! Men muny siziň ähliňiziň diňe öz öýleriňiz bilen gümradygyňyz üçin şeýle etdim. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn. Şeýle hem Men ýurda we onuň daglaryna, galla meýdanlaryna, üzümçiliklerine, zeýtun baglaryna, ýerden önýän ähli önümlere, ynsandyr haýwanlaryň üstüne, çekýän ähli zähmetiňiziň üstüne gurakçylyk jezasyny inderdim».
Выбор основного перевода