Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2
Параллельные места
Siz mukaddes zat bilen ýönekeý zady, halal bilen haramy biri-birinden tapawutlandyrmalysyňyz. Olar size näme tabşyrsa, berjaý ediň, çykarylan höküm boýunça iş tutuň. Özüňize aýdylan çözgütden saga-da, çepe-de sowulmaň. Olar halkyň ýanyna daşky howla çykanlarynda, eginlerindäki eşiklerini çykaryp, olary mukaddes otagda goýarlar; ol eşikleri bilen halka mukaddesliklerini geçirmezlik üçin başga eşikler geýsinler. Ruhanynyň sözleri bilimi goramalydyr. Ol Hökmürowan Rebbiň wekilidir, ynsanlar onuň agzyndan öwüt-ündew gözlemelidir. Ýahuda dönüklik edip, Ysraýylda we Iýerusalimde nejis iş etdi. Ýahuda keseki hudaýa sežde edýän gyza öýlenip, Rebbiň halaýan mukaddes öýüni harama çykardy. Eý, körler! Haýsysy uly: sadakamy ýa-da sadakany mukaddes edýän gurbanlyk sypasy?
Выбор основного перевода