Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Balzam agaçlarynyň başlaryndan aýak seslerini eşideniňde, taýýar bol, sebäbi bu piliştlileriň goşunyny derbi-dagyn etmek üçin, Men – Rebbiň seniň öňüňe düşdügimdir». Indi bar-da, öz adamlaryň bilen mylakatly gepleş, Rebden ant içýärin, eger gitmeseň, şu gije ýanyňda bir adamam galmaz. Bu bolsa seniň üçin ýaşlygyňdan tä häzire çenli gören ýamanlyklaryňyň baryndan beter bolar». Bir söweş arabasy on ýedi gadak töweregi kümşe, bir at bolsa dört gadakdan gowrak kümşe satyn alnyp, olar Müsürden getirilýärdi. Şeýdip, bu söweş arabalary we atlar Süleýmanyň täjirleriniň üsti bilen bütin hetleriň we Siriýanyň şalaryna satylýardy. Onsoň Elýaşa dileg edip: «Eý, Reb, meniň hyzmatkärimiň gözlerini açaý, goý, ol görsün» diýdi. Reb Elýaşanyň hyzmatkäriniň gözlerini açdy. Hyzmatkär dagda Elýaşanyň töwereginiň atlardyr söweş arabalary sypatyndaky otdan doludygyny gördi.
Выбор основного перевода