Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Nuhuň ömrüniň alty ýüzünji ýylynyň ikinji aýynyň on ýedinji güni – hut şol gün düýpsüz çuňlugyň ähli çeşmeleri böwsüldi, asman suw bentleri kimin açyldy. Reb Musa şeýle diýdi: «Abarym daglarynyň aralygynda ýerleşýän şu dagyň depesine çyk-da, Meniň ysraýyllara berýän ýurduma syn et. Ony synlanyňdan soň, sen hem doganyň Harun ýaly, öz ata-babalaryňa gowşarsyň. Emma Reb meni şu işde bagyşlasyn: jenabym sežde etmek üçin Rimmon buthanasyna girende, meniň elimden ýapyşýar. Şonda men hem Rimmon buthanasynda onuň bilen sežde etmeli bolýaryn. Men ol ýerde sežde edenimde, goý, Reb men–guluňy bu iş üçin bagyşlasyn». Patyşa özüne iň ýakyn bolan nökerini derwezäniň agzynda goýdy. Halk ony derwezäniň agzynda basalady we ol öldi. Patyşa Hudaýyň adamynyň ýanyna gelende, nöker Hudaýyň adamynyň aýdyşy ýaly ölüpdi. Çünki Hudaýyň adamynyň patyşa: «Ertir şu wagtlar Samariýanyň derwezesiniň agzynda iki okara arpa üç mysgala golaý kümşe, bir okara saýlama un üç mysgala golaý kümşe çalşylar» diýende, patyşanyň iň ýakyn nökeri Elýaşa pygambere: «Eger Reb gökden penjireler açyp, däne ýagdyraýanda-da, heý, şeýle zat bolup bilermi?» diýipdi. Elýaşa pygamber hem: «Sen ony öz gözleriň bilen görersiň, ýöne sen ondan iýmersiň» diýip jogap beripdi. Ol nöker babatda hakykatdan hem şeýle boldy. Halk ony derwezäniň agzynda basalady we ol öldi. Öýümde azyk bolar ýaly, ondan biriňiziň baryny tutuşlygyna ammara getiriň. Meni munuň bilen synap görüň. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Görüň, Men gögüň penjirelerini siziň üçin açyp, üstüňize dolup-daşýan bereket ýagdyrmarynmy?
Выбор основного перевода