Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Aýda we Beýtelde ysraýyllaryň yzyndan kowalamadyk ýekeje-de erkek adam galmady. Şeýdip, olar öz galasyny goragsyz, alaň-açyk galdyrdylar. Gabaw edilen Samariýada elhenç açlyk başlandy. Samariýa halky bir eşegiň kellesini segsen kümüş teňňä, bir şakäse kepderi derisini bolsa bäş kümüş teňňä satdy. Ysraýyl patyşasy galanyň diwarynyň üstünden geçip barýarka, bir aýal: «Eý, jenap patyşam, kömek et» diýip gygyrdy. Patyşa hem: «Ýok, goý, Reb saňa kömek etsin. Men saňa nähili kömek edeýin? Mende ne bugdaý bar, ne-de şerap» diýdi. Patyşa ondan: «Näme arz-şikaýatyň bar?» diýip sorady. Aýal şeýle jogap berdi: «Bu aýal maňa: „Sen öz ogluňy ber, biz şu gün ony iýeris, ertir bolsa meniň oglumy iýeris“ diýdi. Şeýdip, biz meniň oglumy bişirip iýdik. Ertesi gün men oňa: „Ogluňy ber, iýeli“ diýdim. Emma ol ogluny gizläpdir».
Выбор основного перевода