Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şimşon olara: «Men size bir matal aýtjak; eger siz ony maňa toýuň ýedi gününiň dowamynda dogry çözüp berseňiz, onda men size otuz sany nepis don hem-de otuz laý köýnek bererin. Şawul hyzmatkärine: «Eger gitsek, oňa näme äkideris? Torbalarymyzdaky çöreklerem-ä tükendi. Hudaýyň adamyna äkider ýaly bizde hiç hili sowgat ýok ahyryn. Hany, bizde näme bar?» diýdi. Geýhazy şeýle jogap berdi: «Eýgilikdir. Meniň jenabym: „Efraýym daglyk ýurdundan pygamberler toparyndan iki sanysy edil şu wagt meniň ýanyma geldi. Şolara gaýrat edip bir ýarym batman töweregi kümüş bilen iki laý eşik beräý“ diýip, meni seniň ýanyňa iberdi». Nagaman: «Üç batmandan artyk edip alaý» diýip, Geýhaza öz diýenini etdirdi. Nagaman üç batmandan gowrak kümşi iki halta salyp, haltanyň agzyny daňdy. Ol olary iki laý eşigi bilen öz iki hyzmatkäriniň eline tutdurdy. Nagamanyň hyzmatkärleri bu haltalary göterip, Geýhazynyň öňünden ýöräp gitdiler. Patyşa emeldary Hazaýyla şeýle diýdi: «Ýanyň bilen sowgatlar al-da, Hudaýyň adamyny garşylamaga git. Onsoň onuň üsti bilen Rebden sora: „Men şu hassalykdan sagalarmykam?“». Şeýdip, Hazaýyl özi bilen Damaskyň dürli-dümen harytlaryndan kyrk düýe ýüki sowgatlar alyp, Hudaýyň adamyny garşylamaga gitdi. Ol baryp, Elýaşanyň öňünde durup: «Siriýa patyşasy guluň Benhadat: „Men bu hassalykdan sagalarmykam?“ diýip soramak üçin meni seniň ýanyňa iberdi» diýdi.
Выбор основного перевода