Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Ýok, iýjek däl» diýip, Şawul muny ret etdi. Onuň hyzmatkärleri we ýaňky aýal ony yrmaga çalyşdylar. Ol razylaşdy. Ol ýerinden turdy we düşegiň üstünde oturdy. Ysraýyl patyşasy siriýalylary görüp, Elýaşadan: «Jenabym, bulary gyryp ýok edeýinmi? Bulary öldüreýinmi?» diýip sorady. Şeýdip, Hazaýyl özi bilen Damaskyň dürli-dümen harytlaryndan kyrk düýe ýüki sowgatlar alyp, Hudaýyň adamyny garşylamaga gitdi. Ol baryp, Elýaşanyň öňünde durup: «Siriýa patyşasy guluň Benhadat: „Men bu hassalykdan sagalarmykam?“ diýip soramak üçin meni seniň ýanyňa iberdi» diýdi.
Выбор основного перевода