Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ylýas çagany ýokarky otagdan getirip, ejesine berdi. Ylýas oglanyň ejesine: «Seret, seniň ogluň direldi» diýdi. Elýaşa ogluny direlden aýala şeýle diýipdi: «Tur-da, öý-içeriň bilen gidip, ýaşap biljek ýeriňde mesgen tut, çünki Reb bu ýurduň başyna ýedi ýyllyk açlyk getirjek». Geýhazy Elýaşanyň ölüni direldişi barada gürrüň berip otyrka, Elýaşa tarapyndan ogly direldilen aýal patyşadan öýüniň we ýeriniň yzyna gaýtarylyp berilmegini soramaga geldi. Geýhazy hem: «Eý, jenap patyşam, ine, bu şol diýen aýalym bilen Elýaşanyň direlden oglany» diýdi. Aýallar ölen ýakynlaryny direlen halda yzyna aldylar. Käbirleri bolsa direlişden soň has oňat ýaşaýşa gowuşmak üçin, azat bolmakdan ýüz öwrüp, jebir-süteme döz geldiler.
Выбор основного перевода