Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Elýaşa Geýhaza şeýle diýdi: «Biliňi guşa-da, eliňe meniň hasamy alyp, ýola düş. Eger sen ýolda kimdir birine duşaýsaň, oňa salam berme, biri saňa salam berse, onuň salamyny alma. Sen meniň hasamy çaganyň ýüzüne goý». Onsoň çaganyň ejesi: «Rebden hem-de seniň adyňdan ant içýärin. Men sensiz hiç ýere gymyldamaryn» diýdi. Şondan soň Elýaşa ýerinden turup, ol aýalyň yzy bilen gitdi. Geýhazy olardan öňinçä baryp, hasany çaganyň ýüzüne goýdy, ýöne çaga demsiz-düýtsüz ýatyrdy. Geýhazy Elýaşanyň öňünden çykmaga gitdi. Ol oňa: «Çaga entek hem oýa däl» diýip habar berdi. Hudaýyň adamy Elýaşanyň hyzmatkäri Geýhazy: «Meniň jenabym bu siriýaly Nagamana rehim edip, onuň özüne getiren peşgeşini kabul etmedi. Rebden ant içýärin, men onuň yzyndan ylgap gidip, ondan bir zatlar alaýyn» diýen pikire geldi. Şeýdip, Geýhazy Nagamanyň yzyndan gitdi. Nagaman kimdir biriniň yzyndan ylgap gelýänini görüp, ony garşylamak üçin arabadan böküp düşdi-de: «Eýgilikmidir?» diýip sorady. Geýhazy şeýle jogap berdi: «Eýgilikdir. Meniň jenabym: „Efraýym daglyk ýurdundan pygamberler toparyndan iki sanysy edil şu wagt meniň ýanyma geldi. Şolara gaýrat edip bir ýarym batman töweregi kümüş bilen iki laý eşik beräý“ diýip, meni seniň ýanyňa iberdi». Nagaman: «Üç batmandan artyk edip alaý» diýip, Geýhaza öz diýenini etdirdi. Nagaman üç batmandan gowrak kümşi iki halta salyp, haltanyň agzyny daňdy. Ol olary iki laý eşigi bilen öz iki hyzmatkäriniň eline tutdurdy. Nagamanyň hyzmatkärleri bu haltalary göterip, Geýhazynyň öňünden ýöräp gitdiler. Olar gala ýetenlerinde, Geýhazy haltalary Nagamanyň hyzmatkärleriniň elinden alyp, öýde gizledi. Geýhazy hyzmatkärler bilen hoşlaşyp, olary yzlaryna ugratdy. Geýhazy jenabynyň ýanyna baryp, onuň öňünde durdy. Elýaşa ondan: «Geýhazy, sen nirede bolduň?» diýip sorady. Geýhazy hem: «Guluň hiç ýere-de gitmedi» diýip jogap berdi. Emma Elýaşa gaharlanyp: «Nagaman seni garşylamak üçin arabasyndan düşende, men ruhda seniň bilen dälmidim? Bu kümüş, egin-eşik, zeýtundyr üzüm baglary, goýunlar, öküzler we gullardyr gyrnaklar alynýan wagtymy näme? Şonuň üçin hem Nagamanyň deri keseli senden we seniň nesliňden hiç haçan aýrylmasyn» diýdi. Şeýdip, Geýhazy gar ýaly duw-ak deri keseli bilen Elýaşanyň ýanyndan çykyp gaýtdy. Şol wagt patyşa Hudaýyň adamynyň hyzmatkäri Geýhazy bilen gepleşip otyrdy. Patyşa Geýhaza ýüzlenip: «Hany, onda maňa Elýaşanyň görkezen beýik gudratlary hakda aýdyp ber» diýdi. Geýhazy Elýaşanyň ölüni direldişi barada gürrüň berip otyrka, Elýaşa tarapyndan ogly direldilen aýal patyşadan öýüniň we ýeriniň yzyna gaýtarylyp berilmegini soramaga geldi. Geýhazy hem: «Eý, jenap patyşam, ine, bu şol diýen aýalym bilen Elýaşanyň direlden oglany» diýdi.
Выбор основного перевода