Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger ildeşiňiň biri halys garyp düşüp, özüni saňa satsa, sen ony gul ýaly işletme. Gaýtam, ol seniňkide wagtlaýyn ýaşaýan gelmişek ýa-da günlükçi bolsun. Ol baýram ýylyna çenli seniňkide işlesin. Baýram ýylynda bolsa ol öz çagalary bilen seniň ygtyýaryňdan çykyp, öz maşgalasyna, ata-babalarynyň mülküne dolanyp gelsin. Beýteldäki pygamberler topary Elýaşanyň ýanyna gelip, ondan: «Sen Rebbiň şu gün jenabyňy ýanyňdan äkitjekdigini bilýärsiňmi?» diýip sorady. Elýaşa: «Hawa, men bilýärin, ýöne bu barada geplemek islämok» diýip jogap berdi. Biziň süňňümizem, aslymyzam beýleki ýahudalaryňky bilen birdir. Çagalarymyzam şolaryň çagasyndan kem däl. Muňa garamazdan, biz ogullarymyzy, gyzlarymyzy gulçulyga bermeli bolýarys. Gyzlarymyzyň-a eýýäm gyrnak bolanlary-da bar. Emma biziň etjek alajymyz ýok, sebäbi ekin ýerimizem, üzümçiligimizem başga adamlaryň elinde» diýýänleri-de bardy. Ol bergisini berip bilmänsoň, hojaýyny oňa özüni, aýalyny, çagalaryny we ähli mallaryny satyp, bergisini bermegi buýurýar.
Выбор основного перевода