Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siz mowaplylaryň ähli galalaryny, saýlama galalaryny basyp alyp, ähli miweli agaçlaryny çaparsyňyz, olaryň ähli suw çeşmelerini bentläp, ähli oňat ekerançylyk ýerlerini daşlardan dolduryp weýran edersiňiz». Şonuň üçin Mowap perýat etsin, her kes Mowap üçin nala çeksin, Kirharasediň kişmişli kökeleri üçin ýas tutuň, gam çekiň. Şol sebäpden ýüregim Mowap üçin, Kalbym Kirharaset üçin lira dek nala çekýär. Şol sebäpli Mowap üçin ahy-nala çekerin, bütin Mowaba dady-perýat ederin, Kirharaset halky üçin ýas tutaryn. Eý, Sibmanyň üzüm agajy! Saňa Ýasere aglan agymdan-da köp aglaryn. Seniň şahalaryň deňze, Ýazer deňzine ýetdi. Heläkleýji tomus miweleriňi, üzüm hasylyňy weýran etdi. Bu sebäpden ýüregim Mowap üçin gargy tüýdük kimin ahy-nala çekýär. Kirharaset halkynyň gazanan baýlyklary dargady, şonuň üçin hem ýüregim tüýdük kimin iňleýär.
Выбор основного перевода