Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siz olaryň hudaýlaryna tagzym etmäň we olara gulluk etmäň. Olaryň dini adatlaryna uýmaň, gaýtam, olaryň butlaryny döwüp, dikme daşlaryny kül-peýekun ediň. Ahaba Nebadyň ogly Ýarobgamyň günäli ýollaryndan ýöremekligiň özem ýeterlikdi, ýöne ol onuň üstesine sidonlylaryň patyşasy Etbagalyň gyzy Izebele öýlenip, Bagala sežde etdi. Ahap Samariýada Bagal üçin guran buthanasynda Bagal üçin gurbanlyk sypasyny gurdy. Onsoň Ýehu bütin halky ýygnap, olara ýüzlenip şeýle diýdi: «Siz Ahap Bagala wepaly boldy diýip pikir edýänsiňiz, emma meniň – Ýehuwyň Bagala Ahapdan has wepalydygymy görersiňiz. Şol ýerde olar Bagalyň buthanasyndaky dikme daşy daşary çykaryp, ony kül-owram etdiler. Olar Bagalyň dikme daşyny ýykdylar. Bagalyň buthanasyny ýykyp, ony hajathana öwürdiler. Ol şu güne çenli hem şeýledir. Şeýdip, Ýehu Ysraýylda Bagala sežde edilmeginiň soňuna çykdy.
Выбор основного перевода