Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýdip, Süleýman Rebbiň öýündäki ähli enjamlary: altyndan edilen sypany, üstünde Rebbe hödür çöregi goýulýan altyn hantagtasyny, içki otagyň öňünde bäşisi günortada, bäşisi demirgazykda goýlan sap altyn çyradanlary, gülleri, çyralary, ätişgirleri, käseleri, müçenekleri, legenleri, ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin ulanylýan gaplary, maňňallary, öýüň içki otagynyň, ýagny iň mukaddes otagyň hem-de öýüň mukaddes otagynyň gapylary üçin altyn petleleri ýasady. içki otagyň öňünde bäşisi günortada, bäşisi demirgazykda goýlan sap altyn çyradanlary, gülleri, çyralary, ätişgirleri, käseleri, müçenekleri, legenleri, ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin ulanylýan gaplary, maňňallary, öýüň içki otagynyň, ýagny iň mukaddes otagyň hem-de öýüň mukaddes otagynyň gapylary üçin altyn petleleri ýasady. Onsoň Işaýa pygamber Hizkiýa şeýle diýdi: «Rebbiň sözüni eşit: „Bir gün seniň köşgüňdäki zatlaryň hemmesi we atalaryňyň tä şu güne çenli ýygnan zatlarynyň bary Babyla äkidiler, ýekeje zat hem galdyrylmaz. Babyllylar Rebbiň öýündäki bürünç sütünleri, şeýle hem ol ýerdäki arabalary we bürünç howzy parçalap, ähli bürünji Babyla alyp gitdiler. Olar ybadathana hyzmaty üçin ulanylýan gazanlary, kül atarlary, ätişgirleri, ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin ulanylýan gaplary we beýleki ähli bürünç gap-gaçlary Babyla alyp gitdiler. Janpenalaryň baştutany bulardan başga-da maňňallary we legenleri alyp gitdi. Ol altyndan ýasalan zatlary altyny üçin, kümüşden ýasalan zatlary hem kümşi üçin alyp gitdi. Nebukadnesar Rebbiň öýündäki gap-gaçlary hem Babyla äkidip, olary özüniň Babyldaky köşgünde goýdy. Kureş patyşanyň özi Nebukadnesaryň Iýerusalimdäki Rebbiň ybadathanasyndan äkidip, öz hudaýlarynyň buthanasynda goýan gap--gaçlaryny çykaryp getirdi. „Bir gün seniň köşgüňdäki zatlaryň hemmesi we ata-babalaryňyň tä şu güne çenli ýygnan zatlarynyň bary Babyla äkidiler, ýekeje zat hem galdyrylmaz. Men bu şäheriň ähli baýlygyny, mal-mülküni, gymmatbaha zatlary bilen Ýahuda patyşalarynyň ähli genji-hazynalaryny duşmanlarynyň eline bererin. Olara talaň salyp, ähli zatlaryny Babyla äkiderler. Taňry Ýahudanyň patyşasy Ýehoýakymy hem-de Hudaýyň ybadathanasyndaky gap-gaçlaryň bir bölegini onuň golastyna berdi. Nebukadnesar ol zatlary Şingara getirdi. Ol Hudaýyň ybadathanasyndan getirilen gap-gaçlary öz hudaýlarynyň buthanasyndaky gaznasynda goýdy. Belşasar şerapdan keýplenip, atasy Nebukadnesaryň Iýerusalimdäki ybadathanadan alyp gaýdan altyn we kümüş gap-gaçlaryny getirmekligi buýurdy. Patyşa, onuň töreleri, aýallary we gyrnaklary şeraby şolara guýup içmekçidiler. Şeýdip, Iýerusalimdäki ybadathanadan Hudaýyň öýünden alnyp gaýdylan altyn gap-gaçlary getirdiler. Patyşa, onuň töreleri, aýallary we gyrnaklary şeraby şolara guýup içdiler.
Выбор основного перевода