Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma janpenalaryň baştutany ýurduň garyp-gasarlarynyň käbirlerini üzümçilik we daýhançylyk bilen meşgullansynlar diýip goýup gaýtdy. Babyl patyşasy Nebukadnesar Ýahuda patyşasy Ýehoýakymyň ogly Ýekonýany, Ýahudanyň ýolbaşçylaryny, hünärmentler bilen demirçileri Iýerusalimden Babyla ýesir edip äkitdi. Bu wakadan soň Reb maňa Özüniň ybadathanasynyň öňünde goýlan iki sebet injiri görkezdi. Bu hat Ýekonýa patyşa bilen onuň ejesi, köşk emeldarlary, Ýahudanyň we Iýerusalimiň ýolbaşçylary, hünärmentler hem-de demirçiler Iýerusalimden sürgün edilenden soň iberildi. Söweş meýdanyndaky ähli goşun serkerdeleri bilen olaryň adamlary Babyl patyşasynyň Ahykamyň ogly Gedalýany häkim edip belländigi we Babyla sürgün edilmedik garyp erkekleri, aýallary, çagalary oňa tabşyrandygy barada eşitdiler. Nebukadnesaryň ýesir edip getiren halky, ine, şulardan ybarat: patyşalygynyň ýedinji ýylynda üç müň ýigrimi üç ýahudany;
Выбор основного перевода