Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger sen maňa: „Biz Hudaýymyz Rebbe bil baglaýarys“ diýseň, onda Hizkiýanyň Ýahuda we Iýerusalime ýüzlenip: „Siz Iýerusalimde şu gurbanlyk sypasynyň öňünde sežde ediň“ diýip, onuň ýykan seždegähleri, gurbanlyk sypalary Hudaýyňky dälmi näme? Indi gel-de, meniň jenabym Aşur patyşasy bilen bäsleş. Eger-de men size iki müň sany at bersem, siz olara münmäge şonça adam tapyp bilersiňizmi? Onsoň siz nädip jenabymyň iň pes derejeli serkerdesini ýeňip biljek? Siz söweş arabalary we söweş arabaly esgerleri bar diýip, Müsüre bil baglaýarsyňyzmy? Munuň üstesine-de, siz meni Rebden rugsatsyz bu ýurdy weýran etmäge gelendir öýdýärsiňizmi? Reb maňa şu ýurduň üstüne çoz-da, ony derbi-dagyn et diýdi». Hizkiýa: ‘Reb bizi hökman halas eder we bu şäher Aşur patyşasynyň eline berilmez’ diýip, size Rebbe bil baglatmasyn. Hizkiýa gulak asmaň!“ Aşur patyşasy şeýle diýýär: „Meniň bilen ýaraşyk ediň-de, meniň ýanyma geliň. Şonda her kim öz üzümçiliginiň hem-de injir daragtynyň miwesinden iýip, öz guýusyndan suw içer. Soňra men gelip, sizi öz ýurduňyza meňzeş bir ýurda alyp bararyn. Ol ýer bugdaý, şerap, çörek, üzümlik, zeýtun ýagy we bal mekanydyr. Şeýdip, siz ölmän, aman galarsyňyz. Hizkiýanyň: ‘Reb bizi halas eder’ diýip, aldamakçy bolýan sözlerine gulak asmaň. Haýsy milletleriň hudaýlary öz ýurduny Aşur patyşasynyň elinden halas edipdir? Hamadyň we Arpadyň hudaýlary nirede? Separwaýymyň, Henanyň we Ywahyň hudaýlary nirede? Samariýanyň hudaýlary olary meniň elimden halas etdilermi? Rebbiň Iýerusalimi meniň elimden halas ederi ýaly, bu hudaýlaryň arasynda öz ýurtlaryny meniň elimden halas edeni barmy?“» „Gulak goý, rahatlan, gorkma. Bu tüsseläp duran iki otly kesindiden, Siriýa şasy Resiniň we Remalýanyň oglunyň lowlaýan gazabyndan heder etme.
Выбор основного перевода