Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaýyň adamy Ysraýylyň patyşasynyň ýanyna gelip, Reb şeýle diýýär: «Siriýalylaryň: „Reb baýyr hudaýydyr, düz hudaýy däldir“ diýendikleri üçin, Men bu ägirt uly goşuny seniň eliňe berýärin. Ana, şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň» diýdi. Ol gelen ýoly bilen yzyna gaýdar, ýöne bu şähere girmez. Muny Men – Reb aýdýandyryn. Aşur patyşasy Sanherip düşelgäni taşlap, öz ýurduna gaýtdy. Ol Ninewä gelip, şol ýerde galdy. Ony oýaryp biljek ýürekli adam ýokdur. Kim Meniň öňümde durup biljek? Seniň äňleriňe çeňňekler sokaryn we derýalaryňyň balyklaryny teňňeleriňe ýapyşdyraryn. Teňňeleriňe ýapyşan balyklar bilen birlikde seni derýalaryňdan kowup çykararyn. Men seni arkan agdaryp, äňleriňe çeňňek salaryn. Seni we bütin goşunyňy, atlaryňy, atlylaryňy, bezemen geýnüwli, uly hem kiçi galkanly, elleri syrylan gylyçly uly jemagatyňyň ählisini çykararyn.
Выбор основного перевода