Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hudaý oňa: «Seniň bilen boljak Mendirin. Sen halky Müsürden çykaryp getireniňde, Maňa şu dagda sežde edersiňiz. Bu bolsa seni Meniň ýollandygymyň nyşany bolar» diýdi. Seniň iki ogluň Hopny bilen Pinehasyň başyna düşjek iş – olaryň ikisiniň-de bir günde ölmegi saňa bir alamat bolar. Hizkiýa Işaýa pygamberden: «Rebbiň meni sagaltjakdygyna we üçünji güni meniň Rebbiň öýüne barjakdygyma näme alamat bolar?» diýip sorady. Işaýa Hizkiýadan: «Reb beren wadasyny ýerine ýetirer. Rebden saňa alamat şudur: şu wagt basgançakdaky kölege on basgançak öňe gitsinmi ýa-da on basgançak yza gaýtsynmy?» diýip sorady. «Hudaýyň Rebden alamat sora; goý, ol ölüler dünýäsinden çuň, gök kimin beýik bolsun» diýdi. Munuň üçin Rebbiň Özi size bir alamat berer. Ine, gyz göwreli bolup, ogul dograr. Onuň adyna Imanuwel dakar. Işaýa Hizkiýa şeýle diýdi: «Seniň üçin alamat şudur: „Şu ýyl we geljek ýyl siz özi biten zady iýersiňiz, üçünji ýyl bolsa özüňiz ekip, hasylyny orup alyň we üzüm baglaryny oturdyň-da, şolaryň miwelerini iýiň.
Выбор основного перевода