Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb sizi we siziň üstüňizden goýlan patyşany özüňiziň, hatda ata-babalaryňyzyň hem tanamaýan-bilmeýän halkynyň üstünden elter. Ol ýerde siz agaçdan we daşdan ýasalan başga hudaýlara gulluk edersiňiz. Reb sizi ýeriň bir ujundan beýleki ujuna çenli ähli halklaryň arasyna dargadyp goýberer. Ol ýerde siz özüňiziň-de, ata-babalaryňyzyň-da tanamadyk we bilmedik agaçdan we daşdan ýasalan başga hudaýlara gulluk edersiňiz. Şonuň üçin hem Rebbiň bu ýurda gahary gelip, bu kitapda ýazylan ähli näletleri bu ýurduň üstünden ýagdyrdy. Reb olary güýçli gahar bilen, gazap atyna atlanyp, öz ýurtlaryndan kowup çykaryp, şu günki görşüňiz ýaly, başga ýurda äkidip taşlady“. Üçünji ýylda Şalmaneser Samariýany basyp aldy. Bu Hizkiýanyň patyşalygynyň altynjy we Ysraýyl patyşasy Hoşeýanyň şalygynyň dokuzynjy ýylynda bolup geçdi. Aşur patyşasy ysraýyllary Aşura ýesir edip äkitdi we olary Halada, Gozandaky Habor derýasynyň ýakasynda we Madaý galalarynda ýerleşdirdi. Şoňa görä Ysraýyl Hudaýy Aşuryň patyşasy Pulyň ruhuny oýardy. Bu patyşanyň beýleki ady Tiglatpileserdi. Ol rubenleri, gatlary, gündogardaky manaşa tiresini ýesir edip, olary Hala, Habora, Hara hem-de Gozan derýasyna getirdi. Olar şu güne çenli hem şol ýerdedir.
Выбор основного перевода