Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gözleriňizi asmana dikip, Güni, Aýy, ýyldyzlary – ähli asman jisimlerini göreniňizde, aldawa düşmäň we olara sygynyp gulluk etmäň. Çünki Hudaýyňyz Reb sygynmak üçin olary asmanyň astyndaky başga halklara berdi. Şeýdip, patyşa pikirini jemläp, iki sany altyn göle ýasap, halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Iýerusalime şu wagta çenli gatnanyňyz besdir. Eý, ysraýyllar, sizi Müsürden çykaran hudaýlaryňyz şulardyr». Reb Ysraýyla jeza berer. Ol ysraýyl halkyny suwuň başynda yranýan gamyş kimin sarsdyrar. Reb ysraýyllary olaryň ata-babalaryna beren gowy ýurdundan çykaryp, olary Ýewfrat derýasynyň aňry tarapyna dargadar, çünki olar Aşera butlaryny ýasap, Rebbiň gaharyny getirdiler. Çünki olar hem her bir beýik baýyrda, gür ýaprakly her bir agajyň astynda özlerine seždegähleri, dikme daşlaryny hem-de Aşera butlaryny gurdular. Asa patyşa hatda ejesi Magakany melikelikden mahrum etdi, çünki ol Aşera üçin ýigrenji but ýasapdy. Asa Aşera butuny kesip, Kidron deresinde ýakdy. Ahaba Nebadyň ogly Ýarobgamyň günäli ýollaryndan ýöremekligiň özem ýeterlikdi, ýöne ol onuň üstesine sidonlylaryň patyşasy Etbagalyň gyzy Izebele öýlenip, Bagala sežde etdi. Ahap hem aýal hudaýy Aşera butuny ýasady. Ahap Ysraýyl Hudaýy Rebbiň gaharyny getirmekde Ysraýylyň özünden öňki patyşalarynyň baryndan ozdurdy. Manaşa kakasy Hizkiýanyň ýok eden seždegählerini dikeltdi. Ol Ysraýyl patyşasy Ahabyň edişi ýaly, Bagal üçin gurbanlyk sypalaryny gurup, Aşera butlaryny dikdi. Ol ähli asman jisimlerine sežde edip, şolara gulluk etdi.
Выбор основного перевода