Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
ägä boluň. Olar siziň öňüňizden ýok edilenden soň hem, olaryň bolşy ýaly duzaga düşäýmäň. „Bu halklar hudaýlaryna nädip sežde edýärler? Biz hem şeýle ederis“ diýip, olaryň hudaýlaryna degişli soraglar bermäň. Siz Hudaýyňyz Rebbe munuň ýaly sežde etmäň, sebäbi olar öz hudaýlaryna Rebbiň ýigrenýän nejis işleriniň ählisini edýärler. Olar hatda hudaýlaryna öz ogullarydyr gyzlaryny oda ýakýarlar. Olar şeýle netijä gelerler: „Munuň sebäbi şudur: ysraýyllar özlerini Müsürden çykaryp getiren ata-babalarynyň Hudaýy Reb bilen baglaşan ähtini ret etdiler. Olar hudaý bolmadyklar bilen Meni gabandyrdylar, boş butlar bilen gaharymy getirdiler. Men hem millet bolmadyklar bilen olary gabandyraryn, akmak bir halk bilen olaryň gaharyny getirerin. Reb şeýle diýýär: „Menden uzaklaşar ýaly, ata-babalaryňyz Menden näme ýamanlyk gördüler? Biderek zatlaryň yzyna eýerip, özleri-de biderek boldular. Akyldarlar utanja galdylar, howp içinde duzaga düşdüler. Olar Rebbiň sözüni ret etdiler. Olarda näme pähim bar? Olar Hudaý hakda bilseler-de, Ony Hudaý hökmünde şöhratlandyrmadylar, Oňa şükür etmediler. Tersine, boş pikirlere ulaşyp, ýüreklerini tümlük gaplady.
Выбор основного перевода