Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dawut Ýowap bilen onuň ýanyndaky ähli halka: «Ýakaňyzy ýyrtyp, jul geýniň-de, Abneriň ýasyny tutuň» diýdi. Dawut patyşa onuň tabydynyň yzyndan ýöredi. Dawut çaga üçin Hudaýa ýalbardy, agyz bekledi, otagyna girip, bütin gijeler ýanyny ýere berip ýatdy. Patyşa bu aýalyň aýdan zatlaryny eşidip, ýakasyny ýyrtdy. Patyşa galanyň diwarynyň üstünden geçip barýarka, halk onuň eşikleriniň astyndan jul geýendigini gördi. Bu habar Ninewe patyşasyna ýetende, ol tagtyndan düşüp, şa lybasyny çykardy we jul geýnip, kül üstünde oturdy.
Выбор основного перевода