Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Izebeli Ýizregel galasynyň golaýynda itler iýer, ony hiç kim jaýlamaz“». Onsoň ýaş pygamber şeýle diýdi-de, dessine öýden çykyp gaçdy. Ýehu Ýizregele gelende, muny Izebel eşidip, gözlerine sürme çekdi, saçlaryna timar berip, penjireden daşary seredip durdy. Ýehu derwezeden girende, Izebel: «Sen hem öz jenabyny öldüren Zimri ýalysyň! Eýgilige geldiňmi?» diýip sorady. Ýehu başyny galdyryp, penjirä tarap seredip: «Kim meniň tarapymda? Kim bar?» diýip gygyrdy. Onsoň iki-üç sany köşk agtasy ýokardan Ýehuwa seretdi. Ýehu olara: «Izebeli ýere taşlaň» diýip gygyrdy. Şeýdip, olar Izebeli ýere taşladylar. Onuň gany diwaryň, atlaryň ýüzüne syçrady. Atlar onuň jesedini basgyladylar. Onsoň Ýehu içeri girip, iýip-içip: «Bu näletlenen aýalyň ugruna çykyp, ony jaýlaň, çünki ol patyşanyň gyzydyr» diýdi. Olar ony jaýlamaga gidenlerinde, onuň diňe kelle süňkünden, aýaklaryndan, eliniň penjelerinden başga hiç zat tapmadylar. Olar yzlaryna gelip, gören zatlaryny Ýehuwa gürrüň berdiler. Ýehu hem: «Ine, Rebbiň guly tişbeli Ylýas arkaly aýdan sözi şudur: „Izebeliň maslygyny Ýizregelde itler iýer. Izebeliň jesedi Ýizregelde ekin meýdanlaryna ders bolar. Şonuň üçin hem hiç kim ony ‘Bu Izebeldir’ diýip tanap bilmez“» diýdi.
Выбор основного перевода