Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ysakar neslinden bolan Ahyýanyň ogly Bagşa Nadaba garşy dildüwşük gurdy. Bagşa piliştlilere degişli bolan Gibetonda Nadaby öldürdi, çünki Bagşa bilen bütin ysraýyllar Gibetonyň daşyny gabapdylar. Ol patyşa bolan dessine Ýarobgamyň nesilleriniň baryny gyrdy, Rebbiň Öz guly şiloly Ahyýa arkaly aýdan sözüne görä, Ýarobgamyň nesillerinden bir adam hem diri galdyrylman, olaryň bary öldürildi. Bagşa garşy Hananynyň ogly Ýehuwa Rebbiň şu sözi aýan boldy: Hananynyň ogly Ýehu görgür Ýehoşapadyň öňünden çykyp, oňa: «Sen näme üçin ýamana ýardam edip, Rebbi ýigrenýänleri söýýäň? Şonuň üçin hem Rebbiň gazaby seniň başyňdan inendir.
Выбор основного перевода