Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şonuň üçin hem Men Ýarobgamyň nesilleriniň başyndan betbagtçylyk indererin. Isle azat bolsun, isle gul, parhy ýok, Ýarobgamyň neslinden bolan Ysraýyldaky her bir erkegi bütinleý ýok ederin. Dersiň syrylyp-süpürilip taşlanyşy ýaly, Men Ýarobgamyň nesilleriniň baryny iň soňkusyna çenli bütinleý ýok ederin. Ol patyşa bolan dessine Ýarobgamyň nesilleriniň baryny gyrdy, Rebbiň Öz guly şiloly Ahyýa arkaly aýdan sözüne görä, Ýarobgamyň nesillerinden bir adam hem diri galdyrylman, olaryň bary öldürildi. Zimri patyşa bolup, Elanyň tagtynda oturan badyna, Bagşanyň bütin nesillerinden, dogan-garyndaşlaryndan we dost-ýarlaryndan bolan bar erkegi öldürdi.
Выбор основного перевода