Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siz ogullaryňyza olaryň gyzlaryndan aýal alyp berersiňiz. Öz hudaýlaryna sežde edip ýören bu gyzlar siziň ogullaryňyza hem şeýle etdirerler. Olar bilen garyndaşlyk açmaň. Olar bilen gyz alşyp-berişmäň. (Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etmekde Ahapdan ozduran adam bolmandy. Ol bu pis işleri aýaly Izebeliň itergisi bilen etdi. Ahap Reb tarapyndan ysraýyllaryň öňünden kowup çykarylan amorlar ýaly butlara sežde edip, iň nejis işleri etdi.) Onsoň Ýehu bütin halky ýygnap, olara ýüzlenip şeýle diýdi: «Siz Ahap Bagala wepaly boldy diýip pikir edýänsiňiz, emma meniň – Ýehuwyň Bagala Ahapdan has wepalydygymy görersiňiz. Olar Hudaýy Rebbiň ähli tabşyryklaryndan ýüz dönderdiler-de, özleri üçin iki sany guýma göle butuny we Aşera butuny ýasap, asman jisimlerine sežde etdiler we Bagala gulluk etdiler.
Выбор основного перевода