Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Haruny we onuň ogullaryny hasaba al. Ruhanyçylyk wezipesini diňe şolar ýerine ýetirmelidirler, olardan başga kim mukaddes çadyra golaýlaşsa, onuň jezasy ölümdir». Ol Hudaýyň adamyny jaýlap bolandan soň, ogullaryna şeýle diýdi: «Men ölenimde, meni şu pygamberiň jaýlanan mazarynda jaýlaň, meniň süňklerimi onuň süňkleriniň ýanynda goýuň. Çünki onuň Beýteldäki gurbanlyk sypasy barada we Samariýanyň galalaryndaky ähli seždegähler barada Rebbiň tabşyrygy boýunça gygyryp jar eden zatlarynyň bary hökman amala aşar». Bu wakadan soň hem Ýarobgam özüniň pis işlerinden el çekmedi. Ol ýene-de seždegählerde ähli halklaryň arasyndan ruhanylar belledi. Ruhany bolmaga isleg bildirenleriň baryny ruhanylyga belledi. Olar seždegählerde özleri üçin gurbanlyk hödürlär ýaly, öz aralaryndaky dürli milletlerden bolan ruhanylary bellediler, şeýle hem olar Rebbe ybadat etdiler. Lewiler öz öri meýdanlaryny we mülklerini taşlap, Ýahuda, Iýerusalime geldiler, çünki Ýarobgam we onuň ogullary olary ruhanylyk etmekden aýrypdylar. Ýarobgam seždegählere, öz ýasan but erkeçlerine we gölelerine ruhanylaryny belledi. Siz Rebbiň ruhanylary bolan Harunyň ogullaryny we lewileri kowup, başga ýurtlaryň halklary ýaly öz ruhanylaryňyzy bellediňiz. Bir öküzçe ýa-da ýedi goç bilen mukaddes edilmäge gelen her kes but hudaýlara ruhany bolýar.
Выбор основного перевода