Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýdip, olar ysraýyllary zalymlyk bilen ezip, olary laý we kerpiç ýaly agyr işlerde, her hili meýdan işlerinde işledip, olaryň durmuşyny ajy ýaşaýşa öwürdiler. Ähli agyr işlerde olara rehimsizlik bilen sütem etdiler. Şeýdip, olar ysraýyllary zalymlyk bilen ezip, olary laý we kerpiç ýaly agyr işlerde, her hili meýdan işlerinde işledip, olaryň durmuşyny ajy ýaşaýşa öwürdiler. Ähli agyr işlerde olara rehimsizlik bilen sütem etdiler. Görýäňizmi, häzir bu ýerde olaryň sany biziň öz halkymyzyňkydan-da köp, siz bolsa olary işinden dyndarjak bolýarsyňyz» diýdi. Şol günüň özünde faraon gul hojaýynlaryna we ysraýyllaryň özleriniň baş gözegçilerine şeýle buýruk berdi: «Mundan buýana bu halka kerpiç guýar ýaly saman bermäň. Goý, olar gidip, samany özleri tapsynlar. Emma olaryň guýýan kerpiçleriniň sany öňküsi bilen deň bolsun, ýekejesini hem kemeltmäň. Olar ýalta, şonuň üçin olar: „Bizi goýber, Hudaýymyza gurbanlyk bereli“ diýşip gygyryşýarlar. Bu adamlaryň ünsi diňe işde bolar ýaly, has agyr işler bilen olaryň egninden basyň. Şonda olar ýalan geplere gulak gabartmazlar». Bize saman berilmeýär, muňa garamazdan, „Kerpiç guýuň!“ diýip buýruk berýärler. Ine, gullaryňy ýençýärler, emma günä seniň öz adamlaryňda ahyry» diýip arz edýärler. Emma faraon: «Siz baryp ýatan bir işýakmaz. Şonuň üçin hem siz: „Bizi goýber, gidip, Rebbe gurbanlyk bereli“ diýýärsiňiz. Häzir bolsa gidiň-de işläň. Size saman berilmez, ýöne şonda-da kerpiji öňki mukdarda öndürersiňiz» diýdi. Ol bulara şeýle diýdi: «Siziň üstüňizden höküm sürjek patyşa ogullaryňyzy goşunda gulluk etmäge mejbur eder: olaryň käbirleri söweş arabalarynyň sürer, käbirleri bolsa şanyň söweş arabalaryň öňünden ylgar. Ol özi üçin müňbaşylar we ellibaşylar bellär. Kimsine öz ýerlerini agdardar, hasylyny ýygnadar, kimsine bolsa, uruş enjamlaryny we öz söweş arabalarynyň şaýlaryny ýasadar. Gyzlaryňyzy alyp, atyr ýasadar, aşpez eder, çörek bişirder. Şa siziň iň saýlama ýerleriňizi, üzümçilikleriňizi, zeýtun baglaryňyzy eliňizden alyp, öz hyzmatkärlerine berer. Öz goşunbaşylarydyr hyzmatkärlerine bermek üçin, galla hem-de üzüm hasylyňyzyň ondan bir bölegini eliňizden alar. Ol sizi gul-gyrnaksyz goýar, iň saýlama mal-garalaryňyzy we eşekleriňizi alyp, olary öz hajatlary üçin ulanar. Dowarlaryňyzyň-da ondan birini alar, özüňiz bolsa onuň guluna öwrülersiňiz. Şonda siz öz saýlap-seçen patyşaňyzyň elinden dady-perýat edersiňiz. Emma ol gün Reb siziň dadyňyza ýetişmez». Bütin Ysraýylda Süleýmanyň on iki sany häkimi bardy. Olaryň hersi patyşany we onuň öý-içerisini, gezekli-gezegine, ýylda bir aý azyk bilen üpjün etmelidi. Süleýmanyň köşgüniň bir günlük azygy, iki ýüz ýigrimi bäş batman ýokary hilli undan, dört ýüz elli batman adaty undan, on sany baga bakylan öküzden, ýigrimi sany ýaýlada bakylan öküzden, ýüz sany goýundan, ondan daşary-da sugunlardan, jerenlerden, saýgaklardan hem-de semiz guşlardan ybaratdy. Süleýman patyşa ybadathananyň gurluşygy üçin bütin Ysraýyldan otuz müň işçini toplamagy buýurdy. Süleýman patyşa işçileri toplap, Rebbiň öýüni, öz köşgüni, Millony, Iýerusalimiň diwaryny, Hasor, Megido, Gezer galalaryny täzeden dikeltdi.
Выбор основного перевода