Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bu işiň Reb tarapyndan bolýandygyny, piliştlileriň garşysyna çykmak üçin, Onuň amatly pursady gözleýändigini Şimşonyň ejesi bilen kakasy bilmeýärdi. Şol wagtlar ysraýyllaryň üstünden piliştliler höküm sürýärdi. Şonuň üçin hem Reb Süleýmana şeýle diýdi: «Seniň Meniň bilen eden ähtiňi bilgeşleýin bozup, Meniň saňa tabşyran parzlarymy saklamandygyň üçin, Men patyşalygy hökman seniň eliňden alyp, ony köşk emeldarlaryňyň birine bererin. Soňra Ýarobgama şeýle diýdi: «On bölegini özüň üçin al, çünki Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Men patyşalygy hökman Süleýmanyň elinden alyp, on tiräni saňa bererin, ýöne gulum Dawudyň hatyrasy üçin hem-de Ysraýylyň bütin tirelerinden saýlap alan şäherim Iýerusalimiň hatyrasy üçin diňe bir tire Süleýmanyňky bolar. Çünki ol Meni terk edip, sidonlylaryň hudaýy Aştoreta, Mowabyň hudaýy Kemoşa, ammonlaryň hudaýy Milkoma sežde etdi. Süleýman kakasy Dawudyň yzyny tutmady. Ol Meniň nazarymda nähak işleri edip, parzlarymy, hökümlerimi berjaý etmedi, ýollarymdan ýöremedi. Reb şeýle diýýär diý: „Siz doganlaryňyz bolan ysraýyl halkynyň garşysyna uruşmaň. Her kes öz öýüne gaýtsyn, çünki bu bolan waka Mendendir“». Olar Rebbiň sözüne gulak asyp, Onuň aýdyşy ýaly öýlerine gitdiler. Şeýdip, patyşa halky diňlemedi. Bu waka Rebbiň şiloly Ahyýa arkaly Nebadyň ogly Ýarobgam barada aýdan sözüniň amala aşmagy üçin Hudaý tarapyndan şeýle tamamlanypdy. Emma Ahazýanyň Ýoramyň ýanyna gelip heläk bolmagy Hudaý tarapyndandy. Ahazýa bu ýere gelip, Ýoram bilen bile Nimşiniň ogly Ýehuwyň ýanyna gitdi. Reb Ahabyň nesillerini ýok etmek üçin Ýehuwy saýlapdy. Emma Amazýa muňa gulak asmady. Bu zatlar Ýahudany duşmanlarynyň eline bermek üçin Hudaý tarapyndan edilipdi, sebäbi halk Edom hudaýlaryna sežde edipdiler.
Выбор основного перевода