Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Ýeriňizde önen ilkinji saýlama miweleri Hudaýyňyz Rebbiň öýüne getiriň. Owlagy enesiniň süýdünde bişirmäň». Ýeriňizde önen ilkinji saýlama miweleri Hudaýyňyz Rebbiň öýüne getiriň. Owlagy enesiniň süýdünde bişirmäň». Eger siz ekiniňiziň ilkinji hasylyny Rebbe galla sadakasy hökmünde hödür etmekçi bolsaňyz, ol döwlen täze bugdaý sümmülinden alnan we otda gowrulan bolsun. Her ýyl meýdanlaryňyzda ýetişen hasylyň ondan bir bölegini aýra goýup, dänäňiziň, şerabyňyzyň we ýagyňyzyň ondan birini, şeýle hem mal-garalaryňyzdyr dowarlaryňyzyň ilkinji erkek guzlanlaryny Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, ýagny Onuň Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde iýersiňiz. Şonda siz Hudaýyňyz Rebden hemişe gorkmagy öwrenersiňiz. Soňra ähli ýahudalar ammarlara gallanyň, şerabyň, ýagyň ondan birini getirdiler.
Выбор основного перевода