Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Emma olaryň galalarynyň töweregindäki açyk meýdanlar satylmaly däldir, çünki bu olaryň ebedilik mülküdir. «Ysraýyllara şeýle buýruk ber, goý, olar özlerine miras düşen mülklerinden lewilere ýaşar ýaly galalar bersinler. Şol galalaryň töweregindäki öri meýdanlaryny-da lewilere bersinler. Olar sadakalaryny, ondan birlerini we bagyş edilen zatlary wepalylyk bilen şol ýere getirdiler. Bu zatlar lewilerden Konanýanyň baştutanlygynda edildi. Konanýanyň inisi Şimgi bolsa onuň kömekçisidi. Ýehiýel, Azazýa, Nahat, Asahel, Ýerimot, Ýozabat, Eliýel, Ismakýa, Mahat we Benaýa dagylar Hizkiýa patyşanyň we Hudaýyň öýüniň esasy baştutany Azarýanyň belländigi üçin Konanýa bilen onuň inisi Şimginiň gözegçiligi astynda işleýärdiler. Gündogar derwezesiniň sakçysy lewilerden Ýimnanyň ogly Kore Rebbe berilýän meýletin sadakalaryň üstünden garaýardy. Şeýle hem Rebbe hödürlenen sadakalary we bagyş edilen sadakalary paýlamak işini ýerine ýetirýärdi. Eden, Miniýamin, Ýeşuwa, Şemagýa, Amarýa we Şekanyýa dagy ruhanylaryň galasynda toparlaryna görä ýaşdyr garry garyndaşlaryna paýlary bölmekde Kore wepalylyk bilen ýardam etdiler.
Выбор основного перевода