Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan ysraýyl goşunynda söweşe ukyply hemme adamy Harun ikiňiz topar-topar edip, ýazyp hasaba almalysyňyz. Uruglaryna görä olaryň sany şulardy: Ýahudanyň müňbaşylary: serkerde Adna üç ýüz müň batyr ýigit bilen, ondan soň serkerde Ýehohanan iki ýüz segsen müň esger bilen, ondan soň Zikriniň ogly Emasýa, Rebbiň meýletin hyzmatkäri iki ýüz müň batyr ýigit bilen. Benýaminlerden: batyr ýigit Elýada iki ýüz müň ýaýdyr galkan bilen ýaraglanan esger bilen, ondan soň Ýehozabat urşa taýýar ýüz segsen müň esger bilen. Olaryň gol astynda üç ýüz ýedi müň bäş ýüz esgerden ybarat goşun bardy. Olar uly güýç bilen duşmana garşy söweş edip, patyşa ýardam ederdiler.
Выбор основного перевода