Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Ýehogahazyň ogly Ysraýyl patyşasy Ýehowaşyň şalygynyň ikinji ýylynda Ýowaşyň ogly Amazýa Ýahuda patyşa boldy. Ol patyşa bolan wagty ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde ýigrimi dokuz ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Iýerusalimden bolup, ady Ýehogadyndy. Amazýa Rebbiň nazarynda dogry işleri etse-de, atasy Dawut ýaly däldi. Ol kakasy Ýowaşyň eden işleri ýaly işler etdi. Emma seždegähler aýrylmady. Adamlar entek-enteklerem şol ýerlerde gurbanlyk berip, ýakymly ysly tütetgi ýakýardylar. Amazýa öz patyşalygyny kuwwatlandyryp, patyşa wagty kakasyny öldüren hyzmatkärleri öldürdi. Ýöne Musanyň Töwratda berlen tabşyryklaryny berjaý edip, Amazýa kakasyny öldüren hyzmatkärleriň ogullaryny öldürmedi, çünki Reb şol kitapda: «Atalar ogullary üçin ölüme höküm edilmesin. Ogullar hem atalary üçin ölüme höküm edilmesin. Her kim diňe öz eden jenaýatyna görä ölüme höküm edilsin» diýip tabşyryk beripdi.
Выбор основного перевода