Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Bütin ysraýyl halky onuň ýasyny tutup, ony jaýlar. Ýarobgamyň maşgalasyndan diňe şu oglan däbe görä jaýlanar. Çünki Ýarobgamyň neslinden diňe şu oglan Ysraýyl Hudaýy Rebbiň göwnünden turdy. Rehabgamyň özüni kiçeldendigi sebäpli, Rebbiň gazaby ondan sowlup, ony bütinleý ýok etmedi. Ýahudada-da ýagdaýlar gowudy. Rehabgam pis işleri etdi. Ol Rebbi agtarmagy ýüregine düwmedi. Ýehoşapat Rebbiň ýolundan ýöremeklige ýüregi bilen berlendi. Ol Ýahudadaky seždegähleri we Aşera butlaryny ýok etdi. Ezra Rebbiň kanunyny öwrenip, ony berjaý etmegi, Ysraýylda onuň parzlaryny, hökümlerini öwretmegi ýüregine düwüpdi.
Выбор основного перевода