Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Параллельные места
Bagşa garşy Hananynyň ogly Ýehuwa Rebbiň şu sözi aýan boldy: Şol wagt görgür Hanany Ýahuda patyşasy Asanyň ýanyna gelip, oňa şeýle diýdi: «Hudaýyň Rebbe bil baglaman, Siriýa patyşasyna bil baglanyň üçin Siriýa patyşasynyň goşuny seniň eliňden gaçyp gutuldy. Ýehoşapat örän baý we at-abraýlydy. Ol Ahap bilen guda boldy. Birnäçe ýyldan soň Ýehoşapat Samariýa Ahabyň ýanyna gitdi. Ahap Ýehoşapat we onuň bilen gelenler üçin köp goýun we öküz öldürdip, ony özi bilen Ramotgilgada garşy hüjüm etmäge yrdy. Ahap Ýehoşapatdan: «Sen meniň bilen Ramotgilgada hüjüm etmäge gidersiňmi?» diýip sorady. Ýehoşapat oňa: «Menem, halkam seniň hyzmatyňdadyrys. Uruşda seniň bilendiris» diýip jogap berdi. Ýehoşapadyň başdan-aýak eden ähli işleri barada Hananynyň ogly Ýehuwyň işlerinde – Ysraýyl patyşalarynyň taryh kitabynda ýazylandyr. Onsoň Mareşadan bolan Dodawahunyň ogly Eligezer Ýehoşapada garşy pygamberlik edip: «Ahazýa goşulandygyň üçin Reb seniň ýasan zadyňy ýok eder» diýdi. Gämiler çagşap, olar Tarşyşa gidip bilmediler.
Выбор основного перевода