Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dawut: «Ýonatanyň hatyrasy üçin ýagşylyk ederim ýaly, Şawulyň neslinden galan barmyka?» diýip sorady. Patyşa ondan: «Şawulyň neslinden aman galan barmy? Hudaýyň hatyrasyna men oňa wepalylyk görkezjek» diýip sorady. Siba: «Ýonatanyň iki aýagy-da agsak bir ogly bar» diýip jogap berdi. Men saňa hojaýynyňyň hojalygyny berdim, aýallaryny gujagyňa saldym. Saňa ysraýyl bilen ýahuda halkyny hem berdim. Bulary az gören bolsaň, onda ýene-de köp zatlary bererdim. Kakamyň ähli garyndaşlary şa hezretleriniň öňünde öldürilmäge degişli bolup durka, men guluňyzy öz saçagyňyzyň başyndakylaryň arasynda oturtdyňyz. Şondan soň patyşa şikaýat etmäge näme hakym bar?» Ýöne Dawut patyşa özüniň Ýonatan bilen Rebbiň öňünde äht edişendigi sebäpli onuň ogly Mepiboşede rehim etdi. Gilgatly Barzyllaýyň ogullaryna mähirli bol. Sen olary zerur zatlar bilen üpjün et, çünki men doganyň Abşalomdan gaçanymda, olar maňa ýagşylyk etdiler.
Выбор основного перевода