Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dawut oňa: «Gorkma, kakaň Ýonatanyň hatyrasyna men saňa ýagşylyk etjek. Ataň Şawulyň ähli ýerlerini saňa gaýtaryp berjek. Sen hemişe meniň saçagymdan naharlanarsyň» diýdi. Siba Dawut patyşa: «Şa hezretleriniň men guluna emr eden zatlarynyň ählisi berjaý ediler» diýdi. Mepiboşet edil Dawudyň öz ogullarynyň biri ýaly onuň saçagyndan naharlanýardy. Mepiboşet Iýerusalimde ýaşaýardy, sebäbi ol hemişe patyşanyň saçagyndan naharlanýardy. Onuň iki aýagy-da agsakdy. Onuň ýanynda benýaminden müň adam bardy. Şawulyň maşgalasynyň hyzmatkäri Siba on bäş ogluny hem-de ýigrimi hyzmatkärini ýanyna alyp, patyşanyň öňünden Iordan derýasyndan geçdi. Kakamyň ähli garyndaşlary şa hezretleriniň öňünde öldürilmäge degişli bolup durka, men guluňyzy öz saçagyňyzyň başyndakylaryň arasynda oturtdyňyz. Şondan soň patyşa şikaýat etmäge näme hakym bar?»
Выбор основного перевода