Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Dawut patyşa: «Mepiboşediň ähli zady indi seniňki» diýdi. Siba: «Saňa tagzym! Özüňiz merhemet ediň, eý, şa hezretleri!» diýdi. Şawulyň agtygy Mepiboşet Dawudy garşylamaga geldi. Patyşanyň giden gününden tä ol sag-salamat dolanyp gelýänçä, ol öz aýaklaryny-da, geýimlerini-de ýuwmandy, sakgalyny hem bejermändi. Ol patyşany garşylamak üçin Iýerusalimden gelende, patyşa oňa: «Mepiboşet, sen näme üçin meniň bilen gitmediň?» diýdi. Ol şeýle jogap berdi: «Eý, şa hezretleri, meni hyzmatkärim aldady. Men oňa: „Eşegi gaňňalaýyn-da, oňa münüp, patyşa bilen gideýin“ diýdim, sebäbi men guluň agsak. Emma ol siz şa hezretleriniň ýanynda men guluňyza töhmet atdy. Emma şa hezretleri meniň üçin Hudaýyň perişdesi ýalydyr. Indi näme ederin diýseňiz, ine, men. Kakamyň ähli garyndaşlary şa hezretleriniň öňünde öldürilmäge degişli bolup durka, men guluňyzy öz saçagyňyzyň başyndakylaryň arasynda oturtdyňyz. Şondan soň patyşa şikaýat etmäge näme hakym bar?» Patyşa oňa: «Öz ýagdaýlaryň hakynda gürlemegiň hajaty ýok. Men saňa we Siba ýeri paýlaşmagy buýruk berýärin» diýdi. Mepiboşet patyşa: «Şa hezretleriniň sag-salamat öýüne gelendigine görä, goý, hemmesini ol alsyn» diýdi. Ýöne Dawut patyşa özüniň Ýonatan bilen Rebbiň öňünde äht edişendigi sebäpli onuň ogly Mepiboşede rehim etdi.
Выбор основного перевода